new icn messageflickr-free-ic3d pan white
FinelyPaintingProsses_TurkmenArmy_HarbyMekdep000 | by Image Collection1
Back to photostream

FinelyPaintingProsses_TurkmenArmy_HarbyMekdep000

(Dokumental Taryhy suratlary täzelendiriş)

Toronto - Dr. Hangeldi Ownuk: Şu görkezilen art kartynasy, arhyw materiallardan tapylan, documental vaka degişli, 1920-nji ýyllaryň foto apparaty bilen çekilen suratyna esaslanylyp, işlenildi. Ol ýagly reňkde bolup, 100x60 möçberdäki holsyň ýüzünde, işlenildi.

Suratda mekan we degişli şahsyýetler:

Mekan: Hojanepes – Kartinanyň arka görnişindäki manzar atyp duran oba Hojanepes (background). Bu manzar bir mekanda alynan, şol bir wagtyň özündäki 2 mowzugdan galan surat. Bu işde şolara esaslanyldy.

Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublykasynyň ilkinji "Birinji sekretary (prezidenti)", Gaýgysyz Atabaýewyň buýurugy esasasynda Türk Ofisserleriniň harby işöwüleriniň tarapyndan ýöriteleşdirilen “Türkmen Milli Harby Güýjini taýýarlaýyş “Harby Mekdebi”” açylyar.1

Şol esasda Türkmensährada Osman ahunyň baştutanlygyndaky hökumetiň harby güçleriniň ýörite taýýarlaýyş Mekdebini ýola goýulýar. Görkezilen kartinada şol döwüre degişli şahsyýetler we harby güýjiň agzalarydyr.

Tagsyr Osman ahun

Adamlar sagdan çepe:

1. Annageldi Serdar (Ýomut taýpasynyň Japarbaý Şerip tiresiniň Kelte urugynyň Aj toparyndan bolupdyr.), Annageldi serdar Osman ahunyň goşunynyň serkerdeleriniň biri bolupdyr. Onyň topary göreşiň soňuna çenli Rza hanyň güýçleri bilen söweşýärler we şol ýolda hem şehit bolýarlar.

Rza han Türkmenleri ýaragsyzlandyrmak isläpdir. Annageldi serdar Rzahanyň ol talabyna jowap hökmünde, Sallah obasynyň ýakynyndaky bolup geçen aýgytly hüjümde, Palkownik Basyryň ýolbaşçylygyndaky botalýony kül-peýkun edýärler. Şonda, polkownik Basyr hem birnäçe serkerde toplary bilen öldürilip, ujidlerini damagyna tykyarlar."2

--------Resources: ----

[1]. Eýran Türkmenleriniň Medeniýetiniň taryhy (XIX-XX aa.), dissertasion iş, H. Ownuk,… Aşgabat-1995 ýyl.

  

[2]. Edil il asrasynda aýdylyan rowaýatlar. Ony Hakykatyň hatyrasyna aýdylyşy ýaly berdik. Belkem gedemiräk soz bolsyn welin, bolup geçen hadisany näderejede we haysy edebiýatda aýdylmalydygyny geljek taýyn eder!.!

 

Web Resource: ilgerek.blogspot.ca/2015/11/taryh-bukjalarda-gizlin-galan...

211 views
0 faves
0 comments
Taken on November 18, 2015